- gürlemek
- işlik1) Gürrüň etmek, söz sözlemek, geplemek.∙ Häkim kel köp gürledi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Ölen-ýiten bolmadyk bolsa ýagşy -- diýip, sorag hökmünde gürledi. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)∙ Käselerde çaý süzüşip ikisi gülüşip, oýnaşyp, gürläp otyrlar. (N. Pomma, Saýlanan eserler)2) Gürrüldili ses etmek, arlamak (ýolbars, gaplaň we ş. m. hakda).∙ Gaplaň gürler gaýasynda, Jeren gezer saýasynda. («Türkmen Halk Şahyrana Döredijiligi»)∙ Ol yzly-yzyna ýyldyrym çakyp, üznüksiz gök gürleýenini hem şaglap çabga ýagýanyny aňlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Gök gürläp, ýyldyrym çakyp, ýagyş ýagmaga başlady.◊ ak köpük saçyp gürlemek — Batly-batly, çalt-çalt gürlemek, gaharly gürlemek.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.